18.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Türkmeniň altyn asyry” atly täze konkurs yglan edildi.

Anna güni prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljek ýyl bellenilip geçiljek Garaşsyzlyk gününiň 22 ýyllygyny mynasyp garşylamak maksady bilen “Türkmeniň altyn asyry” ady bilen täze konkursyň geçirilmegi baradaky permana gol çekdi. 

Bu konkursyň maksadynyň “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini” ýokary çeperçilik ussatlygy bilen wasp etmegi başarýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmakdan ybaratdygy aýdylýar.

Şu maksat bilen prezidentiň gol çeken permanynda şeýle bäsleşigiň edebi işgärleriň, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş çeper höwesjeňleriň we zehinli çagalaryň arasynda geçiriljekdigi bellenilýär.

Şu bäsleşigiň çäklerinde-de ýaş aýdymçylar üçin “Ýaňlan diýarym” hem-de çagalar üçin “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýratyň konkurslar hem yglan edildi.

Degişli makalalar

Dünýä Täze Çempionyny Garşy Alýar

syrach

Palwan Muhyýew

turkmenhabargullugy

Skaýranning Boýunça Türkmenistanyň Kubogyny Almak Ugrundaky Ýaryşda Ýeňijiler Belli Boldy